M.W.Lomonosow adyndaky Moskwanyň Döwlet uniwersitetiniň we Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Federal sosial ylmy-barlag merkeziniň alymlarynyň geçiren barlaglarynyň esasynda russsiýalylaryň haýsy ýaşdan özlerini garry duýup başlaýandyklary belli boldy diýip, «Gazeta.ru» ýazýar. Alymlaryň 1,2 müň adamyň arasynda geçiren pikirsoraşmasynyň netijesi boýunça russiýalylar adatça garrylygyň 70,7 ýaşdan başlanýandygyny aýtdylar. Şunda aýallar garrylygyň erkeklere garanda, has giç gelýändigini bellediler. Ýaşlar bolsa, nämüçindir garrylyga ir garaşýan ekenler. Saglyk ýagdaýy oňat bolan uly ýaşlylar garrylyk salynyň gijräk başlanýandygyny nygtadylar diýlip, habarda bellenýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir