Režissýor Jeýms Kemeronyň 1997-nji ýylyň dekabrynda ekranlara çykan «Titanik» atly meşhur filmi geçen ýyl 25 ýyllygyny belledi, emma bu sene bilen bagly çäreler dowam edýär. Filmiň ahyrsoňy 4K Ultra HD/Digital Blu-ray ölçeginde çykjakdygy belli boldy, ol iri sanly meýdançalarda elýeterli bolar. Filmiň premýerasy 2023-nji ýylyň 5-nji dekabryna bellendi. «Titanik» öz döwründe dünýäde kassa ýygymlary babatda öňdeligi eýeledi, ol häzir hem Jeýms Kemeronyň «Awatar» we «Awatar: Suwuň ýoly» filmlerinden soň bu ugurda dördünji orny eýeleýär. Film 11 ugur boýunça «Oskar» kino baýragyna mynasyp boldy. «Titanigiň» 4K ölçegdäki Blu-ray sowgatlyk neşiri 15 sagatlyk maglumatlary, şol sanda Kemeronyň, Jon Landaunyň we Keýt Uinsletiň täze interwýularyny özünde jemlär diýip, «Kinonews.ru» habar berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir