Birleşen Milletler Guramasy ýaş türkmenistanlylary Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň ýaşlarynyň milli konferensiýasyna (LCOY 2023) gatnaşmaga çagyrýar. LCOY 2023 konferensiýasynyň maksady, ýaşlaryň howanyň üýtgemegine garşy göreşde ähmiýetini görkezmek, daşky gurşaw meselelerini milli we dünýä derejesinde çözmek, Türkmenistanyň ýaşlaryna ylham bermek we olary ekologik başlangyçlaryna işjeň gatnaşmaga höweslendirmekden ybarat. Bu konferensiýa BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanasy hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan bilelikde guralýar. Konferensiýanyň geçiriljek senesi: 2023-nji ýylyň 3-nji noýabry Gatnaşyjylar: 150 wekil Geçiriljek ýeri: Aşgabat şäherindäki «Arçabil» myhmanhanasy Konferensiýa gatnaşmak üçin ýüz tutmalar şu görkezilen salgyda 25-nji oktýabra çenli kabul edilýär

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir