2023-nji ýylyň 6 — 8-nji dekabry aralygynda Aşgabat şäherinde Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler. Ýakynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral bilen duşuşyp, serginiň guramaçylyk işleri barada maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Metbugat gullugy habar berdi. Çeşmede bellenişine gňrä, duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dostlukly türkmen-türk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmek, yzygiderli ösdürmek hem-de hil taýdan täze derejelere çykarmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taryhy kökleri asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan iki dostlukly ýurduň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary barada özara pikir alşyldy. Geçen ýyllarda bu sergide türkiýeli önüm öndürijileriň ýokary hilli eksport harytlary, şol sanda senagat pudaklary, oba hojalygy üçin niýetlenen enjamlary, gurluşyk serişdeleri, durmuş tehnikasy, elektronika önümleri, ýumşak mebelleri, dokma önümleri, durmuş himiýasyna degişli serişdeleri, azyk senagatynyň dürli görnüşli önümleri we hojalyk harytlary görkezildi. Sergä gatnaşyjylar, potratçy kompaniýalaryň we ugurdaş edaralaryň, hususy telekeçiligiň wekilleri sergide görkezilýän önümleriň nusgalary we türkiýeli önüm öndürijileriň teklipleri bilen içgin tanyşyp bilerler. Bu gezekki ýöriteleşdirilen sergi iki doganlyk halkyň bähbidine gönükdirilen döwletara hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädim bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir