Türki döwletleriň medeni paýtagtynyň Änew şäheri bolýandygyny göz öňünde tutup, Türki döwletleriň muzeýler birleşigine 2024-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýewi ýolbaşçy edilip bellenildi. Bu Baku şäherinde ýerleşýän Azerbaýjanyň Milli haly muzeýinde «Haly — Türki dünýäsiniň simwoly» atly Türki dünýäsiniň muzeýler birleşiginiň II maslahatynda belli boldy diýlip, museum.gov.tm habar berdi. Maslahatda Azerbaýjan, Türkiýe, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Türkmenistan we Gagauziýa (Moldowa) 30-dan gowrak hünärmen çykyş etdi. Oňa türk döwletleriniň muzeýleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, TÜRKSOY guramasynyň Medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň agzasy gatnaşdylar. 11 — 14-nji oktýabry aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku we Şuşa şäherlerinde Türki medeniýetiniň halkara guramasy tarapyndan TÜRKSOÝ-yň Muzeýler birleşiginiň II maslahaty hem-de Türki dünýäsiniň I medeniýet forumy geçirildi. Foruma gatnaşyjylar Türki dünýäsiniň Muzeýler birleşiginiň alyp barýan işi baý türki medeniýetiň we muzeý işiniň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam etjekdigini belläp geçdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir