20-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew wideoaragatnaşyk arkaly «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşýan ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda Aşgabatda şu ýylyň 1-nji noýabrynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň derejesinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumyna görülýän taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen diplomaty sebit hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen, bu iri çäräniň ähmiýetine we netijeliligine ünsi çekdi. Ulag, logistika, saglygy goraýyş, lukmançylyk, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, bilim-ylym, şeýle hem syýahatçylyk ýaly möhüm ugurlar Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçiriljek forumda ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir