Halajyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky nah-ýüplük egriji fabriginde şu ýylyň başyndan bäri 15 million 486 müň manatlyk önüm Russiýa, Özbegistan, Türkiýe ýaly ýurtlara eksporta ýollanyldy. Şeýle hem bu ýerde ýylyň başyndan bäri 3568 tonna golaý nah ýüplük öndürildi. Jeyhun.news-iň berýän habaryna görä, munuň özi pul hasabynda 48 million 352 müň manatlyk önümiň öndürilendigini aňladýar. Kärhanada işçileriň 180-den gowragy zähmet çekýär. Habarda bellenilişi ýaly, olar ýokary hilli senagat önümlerini öndürmekde geçen ýyllarda baý tejribe topladylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir