Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda wise-premýer B.Annamämmedow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edilmegine görä, wise-premýer Aşgabat-Gökdepe demirgazyk sowma awtomobil ýolunyň durkuny täzelemegiň meýilleşdirilýändigi barada habar berdi. Bu ýoluň ugry boýunça häzirki döwrüň talaplaryna we halkara ölçeglerine laýyk gelýän, sil-suw akabasynyň hem-de demir ýoluň üstünden geçýän täze awtomobil köprülerini gurmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi ýurduň ýol-ulag ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga, ýolagçy we ýük gatnawlarynyň howpsuz hem-de sazlaşykly hereketini üpjün etmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklip hödürlenildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabat–Gökdepe demirgazyk sowma awtomobil ýolunyň 47-nji kilometrinde ýerleşýän sil-suw akabasynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsini, şeýle hem demir ýoluň üstünden geçýän awtomobil köprüsini gurmak baradaky teklibi makullady we wise-premýere degişli işleri geçirmegi, şeýle hem ýurtda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmagyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir