«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowanyň hasabatynda aýdyldy. Wise-premýeriň bellemegine görä, meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli «Mukama siňen ömür» atly festiwaly geçirmäge taýýarlyk görülýär. Festiwaly şu ýylyň 27-28-nji oktýabry günlerinde ýurduň welaýatlarynda hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinde guramak meýilleşdirilýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kompozitor Nury Halmämmedowyň eserleriniň ýokary ussatlygyň nusgasy bolup durýandygyny hem-de türkmen halkynyň ruhy mirasynyň sanawyna we dünýäniň saz sungatynyň hazynasyna hemişelik girendigini belledi. Döwlet Baştutany wise-premýer M.Mämmedowa bu döredijilik çäresiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir