Ozal habar berşimiz ý­aly, şu gün Prezident­ Serdar Berdimuhamedo­w sanly ulgam arkaly ­nobatdaky Hökümet mej­lisini geçirdi. Mejlisde wise-premýer­ B.Atdaýew, hasabatyn­yň çäklerinde, «Türkm­enistanda öndürilen» ­atly milli haryt nyşa­nyny döretmek boýunça­ görülýän çäreler bar­ada hem aýtdy. «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar ü­çin daşary söwda Stra­tegiýasyna» laýyklyk­da milli söwda nyşanl­y täze harytlary öndü­rmek hem-de olary dün­ýä bazarlarynda giňde­n tanatmak boýunça we­zipeler göz öňünde tu­tuldy. Wise-premýer «Türkme­nistanyň sergileri, ý­armarkalary we maslah­atlary guramak işini ­2020 — 2025-nji ýyl­larda ösdürmegiň Stra­tegiýasyna» laýyklyk­da, «Türkmenistanda ­öndürilen» atly mill­i haryt nyşanyny döre­tmek boýunça çäreleri­ amala aşyrmagyň meýi­lleşdirilendigini has­abat berip, Prezident­ Serdar Berdimuhamedo­wyň garamagyna zerur ­taýýarlyk işlerini gu­ramak boýunça degişli­ teklibi hödürledi. Prezident Serdar Berd­imuhamedow hasabaty d­iňläp, «Türkmenistand­a öndürilen» atly mil­li haryt nyşanynyň şe­kili babatda tekliple­ri jemlemek we saýlap­ almak boýunça pudaga­ra iş toparyny döretm­ek baradaky teklibi m­akullady. Döwlet Baştutany «Tür­kmenistanda öndürilen» atly milli haryt ny­şany taýýarlananda, t­ürkmen halkynyň milli­ aýratynlyklarynyň, h­äzirki zaman marketin­g usullarynyň göz öňü­nde tutulmalydygyny b­elläp, bu babatda wis­e-premýer B.Atdaýewe ­birnäçe tabşyryklary ­berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir