Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Owganystanyň Hyrat welaýatynyň häkimi Şaýh Nur Ahmad Yslamjardan hoşallyk haty gelip gowuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Şaýh Nur Ahmad Yslamjar iberen hatynda Hyrat welaýatynyň ilatynyň adyndan hem-de hut öz adyndan, 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Owganystanyň Hyrat welaýatynda bolup geçen pajygaly ýertitremede ejir çeken owgan halkyna Türkmenistandan iberilen ynsanperwerlik kömegi hem-de Arkadag şäherinde beren sadakasy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallygyny beýan edýär. — Iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmak boýunça alyp barýan işleriňizde Size rowaçlyk arzuw edýärin. Siziň we Türkmenistanyň Prezidentiniň owgan halkyna dostluk goluny uzatmagy, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanyp alyp barýan syýasatyňyz iki ýurduň halklarynyň parahatçylykda ýaşamagyna ýardam berer — diýip, Owganystanyň Hyrat welaýatynyň häkimi Şaýh Nur Ahmad Yslamjar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda belleýär.