«Näzli» tans topary 18 — 20-nji oktýabrda Nýu-Delide geçirilen 9-njy Halkara tans we aýdym-saz festiwalyna gatnaşar. Festiwal maksatnamasyna görä, «Näzli» tans toparynyň çykyşy 20-nji oktýabrda Yrak, Taýwan we Russiýanyň sungat işgärleri bilen bir sahnada geçirildi. Festiwal Hindi medeni gatnaşyklar geňeşi tarapyndan guraldy we 12-den gowrak ýurtdan döredijilik toparlary çykyş etdi. Türkmen tans toparynyň festiwala gatnaşmagy Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň çäginde geçirildi. Mundan ozal «Näzli» tans toparynyň Nýu-Delidäki Halkara tans we aýdym-saz festiwalyna gatnaşjakdygyny habar beripdik.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir