2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenstan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 313,3 million amerikan dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berdi. Ozal habar berşimiz ýaly, 2023-nji ýylyň 8 aýynyň dowamynda türkmen-özbek söwda dolanyşygy 517 million amerikan dollaryna deň bolan bolsa, 9 aýyň jemleri boýunça bu görkeziji 830,3 million amerikan dollaryna çenli ýokarlandy. Şeýlelikde, diňe sentýabr aýynyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky özara söwdanyň 313,3 milliona amerikan dollaryna barabar bolandygy ýüze çykýar. 2023-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlary boýunça Türkmenistan 830,3 million amerikan dollarlyk görkeziji bilen Özbegistanyň esasy daşary söwda hyzmatdaşlarynyň sanawynda 6-njy orna ýerleşdi. Şu ýylyň 9 aýynyň dowamynda Türkmenistana umumy bahasy 129,4 million amerikan dollarlyk özbek harytlary we hyzmatlary eksport edilen bolsa, Özbegistan Türkmenistandan 700,9 million dollarlyk importy amala aşyrdy. Netijede Türkmenistan bu goňşy ýurduň importynda 7-nji ýerde, eksportynda bolsa 12-nji ýerde orun aldy. Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda türkmen-özbek söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 60,8 million amerikan dollary möçberde ýokarlandy. Has takygy, geçen ýylyň 9 aýynda bu görkeziji 769,5 million amerikan dollaryna deň bolupdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir