Banket ýaly möhüm waka çynlakaý çemeleşmegi talap edýär. Onuň geçiriljek ýeri barada öňünden alada etmeli, sebäbi köp adam baýramçylygy öýde däl-de, köp sanly myhman bilen kafelerde we restoranlarda bellemegi makul bilýär. Aşgabadyň Andalyp köçesiniň ugrunda ýerleşýän «Soltan» restorany islendik baýramçylyk mynasybetli dabaralar zalyny ýa-da birnäçe stoly bronlamaga mümkinçilik berýär. «Soltan» restoranynda doglan günleri ýa-da ýubileýleri, çaganyň dünýä inmegi mynasybetli sadakalary ýa-da işewürlik dabaralaryny geçirmek mümkindir. «Soltan» restoranynyň müşderilerine professional we tejribeli aşpezler tarapyndan taýýarlanan türk aşhanasynyň dürli görnüşli tagamlary, ajaýyp we kaşaň bezelen zal, işine ökde we ünsli işgärler, bar, tans meýdançasy we «janly» aýdym-saz hödürlenýär. Şeýle hem bu ýerde baýramçylyk tortlaryny sargyt etmek mümkindir. «Soltan» restorany myhmanlara şu salgyda garaşýar: Aşgabat, Parahat-4 kiçi etrapçasy, Andalyp köç., 80-B, 2-nji gat. Telefonlar: (+993 65) 69 16 16, (+993 12) 47 40 25, (+993 12) 47 40 26.