Türkmenistana Hytaý Halk Respublikasyndan täze ýük ýükleýji kuwwatly tehnikalaryň 50-si we olaryň ätiýaçlyk şaýlary gelip gowuşdy. Senagat kärhanalarynda hem-de gurluşyk meýdançalarynda peýdalanmaga niýetlenen şol tehnikalar ýurduň sebitlerine paýlanyp berlip, häzirki wagtda önümçilikde bökdençsiz işledilýär. «Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, ýurduň gündogar sebitinde täze tehnikalaryň 10-a golaýy Lebap sement zawodynyň we Köýtendag kän müdirliginiň önümçilik işlerinde netijeli ulanylýar. «ZL50GN» kysymly ýük ýükleýji tehnikalaryň hereketlendirijisiniň güýji 220 at güýjüne deňdir. Olar 3 kub metrlik susgujy bilen birbada 5 tonna çenli ýüki götermäge, şeýle-de ýylyň ähli paslynda we islendik howa şertlerinde işlemäge ukyply. Lebap sement zawodynda hem-de bu sebitde gurluşyk serişdeleriniň esasy çig mal künjekleriniň biri bolan Köýtendag kän müdirliginde döwrebap we kuwwatly tehnikalar tejribeli hünärmenlere ynanylyp, senagat kärhanalarynyň önümçilik görkezijileriniň artdyrylmagy ugrunda uly işler alnyp barylýar.