Türkmenistanly ýetginjek tennisçiler 13-20-nji oktýabr aralygynda Buhara şäherinde geçirilen ATF U14 halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş etdiler. Has takygy, bu ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary bäş medala mynasyp bolmagy başardylar. 14 ýaşa çenli ýetginjek oglanlaryň arasynda ýekelikdäki ýaryşda Imran Ahundow ýeňiji boldy. Selim Çaryýew bolsa ikinji orny eýeledi. Oglanlaryň arasyndaky jübütleriň ýaryşynda türkmen tennisçilerinden düzülen Ahundow we Çaryýew dueti çempion bolmagyň hötdesinden geldi. Gyzlaryň arasyndaky ýekelikdäki ýaryşda Ilima Guseýnowa iň ýokary netjäni görkezdi. Şeýle-de özbegistanly Samira Kamalowadan we türkmenistanly Ilima Gusýenowadan düzülen jübüt jübütlikdäki ýaryşda kümüş medala eýe çykdy. Türkmenistanly tennisçiler ýaryşa Andreý Dowmatowyň we Ýewgeniýa Molçanowanyň tälim bermeginde taýýarlandylar. Turnire Merkezi Aziýa ýurtlaryndan 60-dan gowrak türgen gatnaşdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir