Düzüminde ygtybarly tehnikalaryň ençemesi bolan Lebap sement zawodynda ýylyň başyndan bäri öndürilen önümiň umumy mukdary 800 müň tonna golaýlady. Zawodda dokuz aýlyk meýilnama 105,76 göterim ýerine ýetirildi. «Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, Köýtendag kän müdirliginde hem şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda magdan däl gurluşyk serişdeleriniň 465 müň 289, şol sanda 5 — 20 millimetr ölçegdäki çagyl daşlaryň 148 müň 132, 25 — 60 millimetr ölçegdäki çagyl daşlaryň 23 müň 179, 0 — 5 millimetr ölçegdäki üwelen we ýuwlan ownuk çagyl daşlaryň 221 müň 900, uly daş bölekleriniň 72 müň 78 kub metri taýýarlandy. Habarda bellenilişi ýaly, degişli döwürde müdirlikde gips daşynyň 9 müň 489 tonnasy, gurluşyk hekiniň 6 müň 989 tonnasy öndürildi. Ozal Lebap sement zawodyna we Köýtendag kän müdirligine täze ýük ýükleýji kuwwatly tehnikalaryň gelip gowuşandygy barada habar beripdik.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir