Müsüriň Şarm-el-Şeýh şäherinde 8, 10 we 12 ýaşlaryndaky çagalaryň arasyndaky dünýä çempionaty başlandy. Oňa 67 döwletden 504 türgen gatnaşýar. Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň habar bermegine görä, dünýä birinjiliginde 6 türgen Türkmenistana wekilçilik edýär. Gyzlaryň arasynda Dünýä Ruslanowa (8 ýaşa çenli), Perwana Serdarowa (10 ýaşa çenli) we Nebahat Myradowa (12 ýaşa çenli), oglanlaryň arasynda bolsa Maksat Öwlýägulyýew (8 ýaşa çenli) hem-de Rauf Ýusupow (12 ýaşa çenli) dünýä birinjiliginde Türkmenistanyň adyndan çykyş edýär. Türkmenistanly küştçüler eýýäm ýaryşdaky deslapky partiýalaryny oýnadylar we oňat netije görkezdiler. Has takygy, Nebahat Myradowa (12 ýaşa çenli) Gazagystandan we Wengriýadan gelen garşydaşlaryny ýeňen bolsa, Rauf Ýusupow (12 ýaşa çenli) çehiýaly we meksikaly küştçülerden üstün çykmagy başardy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir