Samsung Galaxy A04s -iň ornuny tutýan Galaxy A05s smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Hindistanda täze önümiň bahasy 180 dollara barabar. Galaxy A05s -iň diagonaly 6,7 dýuým we Full HD + durulygy bolan uly ekrany bar. Barmak yzy skaneri bar, ýöne ekranyň aşagynda däl, gapdalynda. Öň kamerasy 13 megapiksel, esasy kamerasynda 50, 2 we 2 megapiksel durulykdaky datçikler bar. Apparat platformasy Snapdragon 680 SoC -e esaslanýar, programma üpjünçiligi platformasy Android 13 -e esaslanýan OneUI 5.1. Samsung iki sany uly Android täzelenmesini we şondan soň ýene iki ýyl howpsuzlyk täzelenmesini wada berýär. Operatiw ýat gurluşynyň göwrümi 6 GB (fleş ýadynda wirtual bölüm döretmek arkaly ýene 6 GB köpeldip bolýar), fleş ýady - 128 GB. MicroSD kart ýeri göz öňünde tutulan. Batareýanyň kuwwaty 5000 mAh, 25 Wt zarýad bermegi goldaýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir