Japan Mobility Show sergisiniň öňüsyrasynda Ýaponiýanyň Nissan awtoöndürijisi Hyper Punk konseptual krossoweri barada maglumatlar bilen paýlaşdy. Bu barada gazeta.ru habar berýär. Awtomobil burçly kuzowa we üçburç diskleri bolan özboluşly tekerlere eýe boldy. Stile we innowasiýa baha bermegi başarýan döredijilik adamlary üçin niýetlenen bu elektromobil Nissan Hyper konsept tapgyryny dowam etdirýär. Hyper Punk-yň kuzowy kümüşsöw reňk bilen örtülen köpgyraňly we köpburçly üstlerden ybarat. Ol syn ediş burçuna we ýagtylandyryş çeşmesine baglylykda reňkini üýtgedýär. Awtomobiliň salony ykjam döredijilik studiýasy hökmünde taslanan. Awtomobiliň kameralary peýzažy surata düşürip, emeli intellektiň kömegi bilen ony grafiki nagyşlara ýa-da manga stilindäki surata öwrüp biler. Hyper Punk-yň salony ilkibaşda Internete bökdençsiz elýeterlilik bilen döredijilik studiýasy hökmünde döredildi. Oturgyjyň kelle goýulýan ýerindäki biosensorlar sürüjiniň şähdini kesgitleýär. Konsept, Nissan-yň nygtamagyna görä, sürüjiniň energiýasyny we döredijilik potensialyny artdyrmak üçin aýdym-sazy we ýagtylygy sazlap bilýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir