Katalon «Barselonasy» ýetip gelýän «El-klasiko» üçin ýörite eşik toplumyny hödürledi. Şeýlelikde, “Barselona” Ispaniýanyň La Ligasynyň 11-nji tapgyrynyň «Real» bilen boljak oýnuna meşhur Rolling Stones aýdym-saz toparynyň nyşany goýlan eşikde çykar. Öň metbugatda «Barselonanyň» «Spotify» akym hyzmaty bilen hyzmatdaşlygyň çäginde sazandalaryň we toparlaryň nyşanlary bilen «El-Klassiko» gatnaşýandygy barada maglumatlar peýda bolupdy. Toparyň 20-nji oktýabrda meýilleşdirilýän Hackneys Diamonds albomynyň çykmagyna gabatlanylan eşik toplumynda Rolling Stones-iň nyşany basylar. Bu toparyň 18 ýylyň içinde ilkinji albomy. La Liganyň 11-nji tapgyrynyň «Barselona» — «Real» oýny 28-nji oktýabrda geçiriler. Oýun Aşgabat wagty bilen 19:15-de başlar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir