Gifu prefekturasyndan «Seki Milk» ýapon süýt we süýt önümlerini öndüriji kärhana günortanlyk naharynda çagalary süýdi doly içip gutarmaga höweslendirmegiň adaty bolmadyk usulyny oýlap tapdy. Kärhana çüýşeleri manga komiskleri bilen bezäp başlady. «Seki Milk-iň» statistiki maglumatlaryna görä, mekdep okuwçylarynyň köpüsi (takmynan 65%) günortanlyk naharynda süýt paýyny doly içip gutarmaýar, bu bolsa kalsiý we beýleki peýdaly maddalaryň ýetmezçiligine, gereksiz iýmit galyndylarynyň döremegine sebäp bolýar. Şeýlelikde, kompaniýanyň wekilleri çagalary süýdi doly içip gutarmaga höweslendirmegiň özboluşly usulyny oýlap tapdylar – çüýşä ak reňk bilen komiksleri çekdiler, ol diňe çüýşäni boşadanyňdan soň görünýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir