Germaniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Ýulian Nagelsman derwezeban Manuel Noýeriň milli ýygynda gaýdyp gelen ýagdaýynda-da Ýewropa çempionatynda kapitan bolmajakdygyny aýtdy. 2017-nji ýyldan bäri milli ýygyndynyň kapitany bolan Noýer geçen dekabrda lyžada typýarka aýagyny döwdürdi we on aý meýdança çykyp bilmedi. Nagelsman Germaniýada geçiriljek Ýewropa çempionatynda Ilkaý Gündoganyň kapitan bolup galjakdygyny belledi. Ýakyn wagtdaky oýunlarda 37 ýaşly Noýeriň «Bawariýanyň» düzümine goşulmagyna we meýdançalara gaýdyp gelmegine garaşylýar. Germaniýa 2024-nji ýylyň 14-nji iýunyndan 14-nji iýuly aralygynda Ýewropa çempionatyny geçirer. Noýer Germaniýanyň milli ýygyndysynda 117 oýna gatnaşdy, 2014-nji ýylda dünýä çempiony, 2010-njy ýyldaky dünýä çempionatynda we Ýewro-2012-de bürünç medalyň eýesi boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir