X (öňki Twitter) sosial ulgamy platformanyň esasy aýratynlyklaryny ulanmak isleýän täze ulanyjylardan töleg üçin ýylda 1 dollar alyp başlar. Bu barada Fortune žurnaly öz çeşmesine salgylanyp habar berdi. Onuň berýän maglumatyna görä, töleg geçirilenden soň, ulanyjylar ýazgylary goýup, ýazgylara jogap berip we olardan sitata getirip bilerler, repost edip, “halaýan” goýup, belliklere bellikleri goşup, sanawlar döredip bilerler. Sosial ulgamyň eýesi Ilon Mask 19-njy sentýabrda kompaniýanyň ulanyjylaryna “botlaryň goşunyna” garşy göreşmek üçin “aýlyk az mukdarda” pul tölediljekdigini aýdypdy.