Apple kompaniýasy Hytaýda eSIM goldawly iPad-iň 10-njy nesliniň täzelenen görnüşini köpçülige hödürledi. Häzirki wagtda Hytaýda eSIM-i goldaýan diňe bir öýjükli operatoryň - China Unicom-yň bardygyny ýatladýarys. Hytaýly ulanyjylar 2023-nji ýylyň 19-njy oktýabryndan başlap ony öňünden sargyt edip bilerler we açyk satuwlar 25-nji oktýabrda başlar. Satyn alanyňyzda, planşetiň diňe bir hytaý wersiýasynda eSIM goldawynyň bardygyna üns bermelisiňiz, ol hem iPad-iň (Wi-Fi + Cellular) A3162 belgili 10-njy nesli. iPad-iň we iPhone-yň beýleki modelleriniň hiç biri Hytaýda eSIM-i goldamaýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir