Toyota geljekki awtoulagyň tizerini «Täze daň atýar» diýen ýazgy bilen çap etdi. Kompaniýa haýsy awtoulag hakda gürrüň gidýändigini aýdyňlaşdyrmady, ýöne her näme-de bolsa, suratdaky täze Toyota Camry bolsa gerek. Muny görkezýän birnäçe alamat bar. Birinjiden, täze Camry-nyň 2024-nji ýylda çykmagyna garaşylýar we tizeriň wagty bu meýilnama laýyk gelýär. Häzirki Camry XV70-iň 2017-nji ýylda çykandygyny we 2020-nji ýylda onuň gaýtadan üýtgeşmä sezewar edilendigini ýatladýarys. Emma senagat standartlary boýunça ol eýýäm köneldi. Ikinjiden, surat garaňkyradylan bolsa-da, görünýän awtoulagyň sudury her näme diýseňem Camry-a meňzeýär. Emma faralary täze Priusdan alnan ýaly. Camry-nyň täze nesli köpçülige ilkinji gezek üstümizdäki ýylda çykarylsa gerek: ýa-ha SEMA 2023 týuning-şüweleň sergisinde (31-nji oktýabrdan 4-nji noýabr aralygynda geçiriler) ýa-da Los-Anželes awtoulag sergisinde (17-nji noýabrdan 27-nji noýabr aralygynda geçiriler). Iki çäre hem Demirgazyk Amerikanyňky we bu örän gyzykly: ABŞ-da Camry, ýaşyna garamazdan, henizem ýörgünli.