Ysraýylyň Milli Olimpiýa Komitetiniň (MOK) başlygy Ýael Arad we malaýziýaly aktrisa Mişel Ýeo Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) täze agzalary saýlandylar. Bu barada rsport.ria.ru habar berýär. Guramanyň täze agzalarynyň saýlawlary HOK-nyň Mumbaýdaky 141-nji sessiýasynda geçirildi. Şeýle-de, HOK-nyň agzalary Halkara stol tennisi federasiýasynyň (ITTF) başlygy Petra Sýorling (Şwesiýa), Halkara konkide typýançylaryň birleşiginiň (ISU) prezidenti Kim Çže Ýel (Günorta Koreýa), Tunisiň MOK-nyň başlygy Mehrez Bussaen, Balaž Fýures (Wengriýa), öňki woleýbolçy Sesiliýa Taýt (Peru) we telekeçi Mihael Mrons (Germaniýa) boldy. Ýeo 61 ýaşynda. Ol “Hemme zat hemme ýerde we birbada” filminde iň gowy zenan keşbi üçin 2023-nji ýylyň “Oskar” baýragynyň eýesidir. Öňki dzýudoçy Arad 56 ýaşynda. Ol Ysraýylyň taryhynda ilkinji Olimpiýa medalynyň eýesi. 1992-nji ýylda Barselonada geçirilen oýunlarda Arad kümüş medala eýe boldy. Ol 2021-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri Ysraýylyň MOK-a ýolbaşçylyk edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir