Hytaý we Türkmenistan energiýa hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek barada ylalaşdylar. Duşenbe güni Pekinde Hytaýyň wise-premýeri Din Sýuesýan Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýeti bilen duşuşdy. Duşuşyk sişenbe we çarşenbe günleri geçiriljek «Bir guşak — Bir ýol» atly III Halkara hyzmatdaşlyk forumynyň öňüsyrasynda geçirildi. Türkmen wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň Prezidentiniň nebit we gaz boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýew we wise-premýer, Daşary işler ministri Raşid Meredow girýär. Sinhua habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, Din Sýuesýan Hytaýyň döwlet baştutanlary tarapyndan gazanylan möhüm ylalaşygy doly durmuşa geçirmek, energiýa hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin Türkmenistan bilen işleşmäge taýýardygyny aýtdy. Türkmen tarapy Aşgabat bilen Pekiniň tebigy gaz pudagyndaky hyzmatdaşlykda oňyn netijelere ýetendigini mälim etdi we Türkmenistanyň ikitaraplaýyn energiýa hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga hem-de iki ýurduň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny nygtady.