Ineos himiki konserniniň eýesi, iňlis milliarderi Jim Retkliff Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” futbol klubynyň öz öý oýunlaryny oýnaýan “Old Trafford” stadionynyň sygymyny 90 müňe çenli giňeltmekçi. Onuň klub ugrundaky esasy katarly bäsdeşi topary satyn almakdan ýüz öwrensoňб ol şeýle karara geldi. Bu barada “Taýms” gazeti habar berýär. Retkliff penşenbe güni geçiriljek ýygnakda iňlis futbol klubynyň direktorlar geňeşiniň 1,3 milliard funt sterlinge (1,58 milliard dollar) klubyň 25 göterim paýyny almak baradaky teklibini tassyklamagyna umyt baglaýar. Häzirki wagtda 74 300 orunlyk “Old Trafford” -y gyssagly döwrebaplaşdyrmagyň we giňeltmegiň zerurlygy Retkliffiň iňlis toparynyň häzirki eýeleri, amerikan maşgalasy Gleýzerler bilen gepleşikleriniň möhüm bölegini emele getirendigi çak edilýär. Kataryň Yslam Bankynyň prezidenti şeýh Jasim bin Hamad Al-Tani tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän konsorsium klub üçin häzirki bahasy 3,2 milliard dollar bolan bazar bahasyndan iki esse köp puly teklip etmäge taýýardy. Şeýle-de bolsa, Gleýzerler, metbugatyň berýän maglumatyna görä, katarlylar üçin kabul ederliksiz şertleri öňe sürdüler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir