Angliýanyň aýlyk futbol žurnaly “FourFourTwo” Angliýanyň Premýer-ligasynyň taryhynda iň gowy oýunçylary saýlady. Bu reýtingde birinji orny “Arsenalyň” we Fransiýanyň milli ýygyndysynyň legenda öwrülen hüjümçisi Týerri Anri eýeledi diýip, sportkp.ru belleýär. Ikinji orunda “Mançester Ýunaýtedde” çykyş eden portugaliýaly Kriştianu Ronaldu ýerleşdi, üçlügi “Nýukaslyň” legendasy Alan Şirer jemledi. Ilkinji onluga Ueýn Runi, Raýan Giggz, Erik Kantona, Stiwen Jerrard, Frenk Lempard, Patrik Wieýra we Pol Skoulz hem girdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir