Amerikaly süýrenijileri köpeldiji Aden Jonson sosial ulgamlarda haýran galdyryjy waka bilen paýlaşdy. Ol gofer ýylanynyň (Pituophis) aýryp goýlan ýumurtgasyndan üýtgeşik jandaryň – iki kelleli ýylanyň çykandygyny habar berdi. Bu barada sportkp.ru belleýär. Daily Star neşiriniň ýazmagyna görä, bu üýtgeşik ýylan şu ýylyň iýul aýynda adaty bolmadyk uly ýumurtgadan çykdy. “Şeýle ýumurtgalardan, adatça, ekiz süýrenijiler çykýar, ýöne bu gezek düwünçekleriň ösüş döwründe nämedir bir zat ters bolup, bir düwünçek beýlekini “ýuwdupdyr”. Netijede, bir bedenli we iki kelleli organizm dünýä indi” – diýip, çeşme belleýär. Jonson ýylanyň hereket edýändigini we onuň iki kellesiniň hem dem alýandygyny aýdýar. “Ol nämedir bir zady halamasa, ses çykaryp, goranýar. Ýöne bu jandar anomaliýa sebäpli barybir hereket edende käbir kynçylyklary başdan geçirýär. Ýylanyň iki kellesi bedeni nähili dolandyrýandyklaryny utgaşdyryp bilenok, şonuň üçin ol beýleki gofer ýylanlary ýaly, köplenç, öwrülip bilmeýär” – diýip, Jonson belleýär. Adatça, şeýle “mutantlar” ir ölýär, ýöne amerikaly bu üýtgeşik ýylanyň mümkin boldugyndan uzak ýaşamagy üçin elinden gelenini etjekdigini aýdýar. Gofer ýylanlary suwýylanlaryň maşgalasyna degişlidir. Bular uzynlygy 80 sm-den 2,8 m çenli bolan zähersiz süýrenijilerdir. Bu jandarlar Demirgazyk Amerikada duş gelýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir