“Glamour” žurnaly ýylyň zenanlaryny yglan etdi – olar britaniýaly aktrisa Milli Bobbi Braun we amerikaly aktrisa Amerika Ferrera boldy. Olaryň ikisi bilen geçirilen söhbetdeşlik žurnalyň saýtynda ýerleşdirildi. Bu barada rbclife.ru habar berýär. “Glamour ýylyň iki zenanyny – ABŞ-da, Germaniýada, Meksikada, Latyn Amerikasynda, Ispaniýada we Beýik Britaniýada Glamour tarapyndan hormatlanýan Milli Bobbi Brauny we Amerika Ferrerany hödürleýär” – diýlip, interwýunyň girişinde bellenilýär we beýleki gahrymanlaryň 1-nji noýabrda yglan ediljekdigi nygtalýar. Milli Bobbi Braun bu ada 19 ýaşynda mynasyp boldy, ýöne bu rekord däl – 2019-njy ýylda ony şwesiýaly eko-aktiwist Greta Tunberg aldy. Dürli ýyllarda “Glamour” Jennifer Lopez, Salma Haýek, Britni Spirs, Kristina Agilera, Wiktoriýa Bekhem, Kaýli Minoug ýaly meşhur ýyldyzlary-da hormatlady. Ýöne soňky ýyllarda žurnal “ýylyň zenany” adyny birbada birnäçe ýyldyza berýär. Ýaş aktrisa Milli Bobbi Braun 2016-njy ýylda Netflix-iň “Örän täsin işler” drama serialynda Onbir atly gyzyň keşbini ýerine ýetirip başlandan soň dünýä belli boldy. Bu keşbi üçin 13 ýaşly gyzjagaz ABŞ-nyň kinoaktýorlarynyň Gildiýasynyň baýragyna we drama serialynda ikinji plandaky iň gowy zenan keşbi üçin “Emmi” baýragyna dalaşgär görkezildi, şeýle-de kärdeşleri bilen bilelikde “Drama serialynda iň gowy aktýorlar düzümi” nominasiýasynda ABŞ-nyň kinoaktýorlarynyň Gildiýasynyň baýragynyň we “Teleserialda iň gowy ýaş aktýor ýa-da aktrisa keşbi” nominasiýasynda “Saturn” baýragynyň laureaty boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir