Oksford uniwersitetiniň we Hindistanyň gan suwuklygy institutynyň alymlary 2040-njy ýyla çenli gyzzyrma (malýariýa) keseli ýok etmäge kömek edip biljek sanjymy döretdiler. Malýariýa keselinden, takmynan, 500 müň adam ejir çekýär. Keseli döredýän plazmodiý çybynyň çakmagy arkaly ýokuşýar we soňra ol adam bedeninde köpelýär. Keseliň dowamynda parazitler adamyň gyzyl gan öýjüklerini ýok edýär, netijede, näsag agyr ganazlykdan ölýär. Alymlar keseli deriniň üsti bilen bedene girip, güýjäp başlamazyndan ozal ýok etmek isleýärler. «R21/Matrix» sanjymy eýýäm BSGG-niň tassyknamasyny aldy. Dermanyň artykmaçlygy onuň bu keseli irki döwründe ýeňip geçmäge kömek edýänligindedir, şeýle hem onuň köpçülikleýin we arzan önümçiligini ýola goýmak mümkindir. Synaglar «21/Matrix-iň» keseliň 75% öňüni alýandygyny görkezdi. «Biz bäş ýa-da on ýylyň içinde keselden doly dynarys diýip pikir etmeýäris, munuň üçin hakyky görkeziji hökmünde, takmynan, 15 ýyl gerek bolar. 2040-njy ýyl sanjym üçin dogry maksat bolar. Hiç kim häzirki çärelerden – çybyn torlaryndan we dermanlardan ýüz öwürmegi teklip etmeýär. Emma indi adamzadyň beýleki usullardan has gowy gorap biljek täze serişdesi bar» diýip, hünärmenler belleýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir