Intel kompaniýasy Core prosessorlarynyň täze 14-nji neslini hödürledi, indi kompaniýa bularyň iň soňky Core i CPU boljakdygyny tassyklady. Geljekki Meteor Lake-iň Core Ultra brendine geçjekdigini biz öňünden bilýärdik. Mundan başga-da, diňe Core modelleri bolar. Emma Core i modelleri welin indi bolmaz. Core-iň 14-nji nesliniň soňrak çykjak ykjam prosessorlary hem öz içine aljakdygyna düşünmelidiris. Olara henizem Core i diýler. Ilkinji Core prosessorlarynyň 2006-njy ýylda peýda bolandygyny ýatladýarys, ýöne olar Core Duo we Core Solo modelleridi. Ilkinji gezek Core 2009-njy ýylda çykypdy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir