Kompýuter oturgyçlaryny we stollaryny öndüriji Cougar Computex 2023 sergisinde NxSys Aero oturgyjyny hödürledi diýip, ExtremeTech habar berýär. Oturgyjyň arkalygyna RGB yşyklandyryjyly 200 mm-lik ýelpewaç oturdyldy. Ýelpewaç oturgyjyň arkalygynyň orta gürpünde ýerleşýär, bu howanyň diňe bir oýunçynyň arkasyny däl, eýsem tutuş bedenini hem sowatmagyna mümkinçilik berýär diýip, Cougar düşündirdi. Ýelpewaç bezeg görnüşindäki yşyk bilen enjamlaşdyrylandyr. Oturgyçda beýikligini sazlap bolýan magnitli başlyk bar. Oturgyjyň arkalygyna arkaňyzyň aşakky bölegini goldamak üçin ýassyk oturdylan. Oturgyjyň özüniň howa geçirýän deriden edilen we ol bedeniň agramyny dogry paýlamaga amatly susak şekilinde diýip Cougar belleýär. NxSys Aero-dan başga-da, kompaniýa Hotrod oturgyjyny hödürledi. Onuň aýratynlygy, arkasy dürli gatylyk doldurgyçlary ulanylýan birnäçe zolaga bölünýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir