Russiýaly söweşiji Islam Mahaçewiň şu hepdäniň ahyrynda Aleksandr Wolkanowski bilen boljak söweşe taýýarlanýandygy baradaky wideo internetde peýda boldy. Oňa bu meselede UFC-niň öňki çempiony Habib Nurmagomedow kömek edýär. Mahaçew bilen Wolkanowskiniň arasyndaky tutluşygyň 21-nji oktýabrdan 22-nji oktýabra geçilýän gije Abu-Dabide (BAE) geçiriljekdigini we UFC 294 ýaryşynyň başyny başlajakdygyny ýatladýarys. Söweşijileriň arasyndaky ilkinji duşuşyk fewral aýynda UFC 284-de bolup, eminleriň biragyzdan gelen karary bilen Mahaçewiň ýeňmeginde tamamlanypdy. Guramanyň häzirki ýarym ýeňil agram derejesindäki çempiony (65 kg çenli) Wolkanowski şonda UFC-de ilkinji gezek ýeňildi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir