Hytaýyň Xiaomi kompaniýasynyň başlygy Leý Szýun täze ykjam operasiýa ulgamyny – HyperOS-y hödürledi. Top-menejer öz suratyny Weibo sosial ulgamynda Android üçin geljekki gabygyň açylyş ekrany bilen bilelikde çap etdi. Kompaniýanyň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, HyperOS Xiaomi smartfonlaryny ösdürmegiň täze bölümine öwrüler. Operasiýa ulgamy 2017-nji ýyldan bäri işleýär we ilkinji gezek 27-nji oktýabrda çykarylmagy meýilleşdirilýän flagman Xiaomi 14-de bolar. Leý Szýun täze OS kompaniýanyň enjamlarynyň has durnukly we biri-biri bilen “has ysnyşykly” işlemegine mümkinçilik berjekdigini aýtdy. HyperOS-yň jikme-jik tehniki aýratynlyklary entek belli däl. Şeýle hem, täze gabygyň häzirki enjamlardaky MIUI programma üpjünçiliginiň ornuny tutup biljekdigi ýa-da bilmejekdigi heniz belli däl - kompaniýanyň smartfonlary ony ykjam telefonlaryň tutuş taryhynda ulanýarlar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir