Amazon.com Inc.-iň esaslandyryjysy Jeff Bezos LVMH Moet Hennessy Louis Vuitton-niň başlygy Bernar Arnodan öňe geçdi we Bloomberg Billionaires Index-iň wersiýasyna görä, dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda ikinji ýeri eýeledi. Bezosyň baýlygy Amazon paýnamalarynyň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli ýylyň başyndan bäri 49,3 milliard dollar artdy we 156 milliard dollara ýetdi. Arno 2023-nji ýylda 6,95 milliard dollar ýitirdi, indi bolsa baýlygy 155 milliard dollar diýlip çaklanylýar. Birinji ýeri baýlygy dünýäde 200 milliard dollardan geçýän ýeke-täk adam Tesla -nyň baş direktory Ilon Mask eýeleýär. Ýylyň başyndan bäri 52 ýaşly telekeçiniň baýlygy 96,8 milliard dollar artyp, 234 milliard dollara ýetdi. Tesla-nyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 106% ýokarlandy, Amazon-yň paýnamalarynyň bahasy 58% ýokarlandy, LVMH-iň kapitalizasiýasy 2,1% pese gaçdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir