18-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Ogulgerek Berdimuhamedowa Hytaýyň Zenanlar we çagalar milli muzeýine baryp gördi. Soňra Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasynyň Ählihytaý zenanlar federasiýasynyň başlygy, Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Milli komitetiniň başlygynyň orunbasary Şen Ýueýue bilen çaý başyndaky söhbetdeşligi boldy. Hanym Ogulgerek Berdimuhamedowa mähirli garşylanandygy, bildirilen myhmansöýerlik üçin Şen Ýueýue minnetdarlyk bildirdi hem-de şu gün özüne hytaý topragyna ilkinji gezek myhman bolmagyň miýesser edendigini aýtdy. «Şu gün Pekin şäherinde halkymyzyň milli gymmatlyklary bilen tanyşdyrmaga giň mümkinçilik döredildi. Munuň üçin hytaý tarapyna çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris. Biz şu günki sergimizi hem «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip atlandyrýarys. Bu sergi iri halkara forumyň çäginde geçýär. Sergimizde nepis halylarymyzyň dürli görnüşlerini, şeýle hem el işleriniň nusgalaryny görkezeris. Bu gymmatlyklar bize ene-mamalarymyzdan miras galan gaýtalanmajak sungatdyr diýip, ussat halyçy Ogulgerek Berdimuhamedowa aýtdy. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halyçylyk sungatynyň halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak mirasynyň aýrylmaz bölegidigi, halylaryň göllerinde, reňkleriniň ajaýyp sazlaşygynda ata-babalarymyzyň şöhratly taryhy, gahrymançylykly ýoly, ruhy gymmatlyklary şöhlelenip, halkymyzyň özboluşlylygynyň janlanýandygy, şeýlelikde, döwürleriň, ruhy mirasyň, özboluşly däpleriň dowamatlylygynyň janly arabaglanyşygy ýüze çykarylyp, olaryň aýawly saklanmak bilen çäklenmän, eýsem, yzygiderli ösdürilýändigi-de bellenildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Ogulgerek Berdimuhamedowa ýaşlaryň nesil terbiýesi, zähmet endikleri bilen bagly birnäçe sowallar bilen ýüzlenildi. Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň taryhynyň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryny öwrenmek, medeni mirasynyň esasy ugurlaryny geljek nesillere ýetirmek ugrunda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, gyz çagalaryň edebi olaryň el hünärinden görünýär. Haly dokamagyň inçe syrlary türkmen maşgalalarynda nesilden-nesle geçirilip gelinýär. Türkmen zenanlary özleriniň zehini we zähmeti bilen amaly-haşam sungatynyň ajaýyp nusgalaryny döredipdirler. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Duşuşygyň ahyrynda bilelikde ýadygärlik surata düşüldi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir