18-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň hem-de Ählihytaý zenanlar federasiýasynyň başlygy Şen Ýueýueniň gatnaşmagynda türkmen halylaryna we el işlerine bagyşlanan, halkymyzyň köptaraply zehininiň aýdyň nyşanyna öwrülen milli amaly-haşam sungatynyň hem-de döredijiliginiň, halk senediniň görnüşlerini dolulygyna şöhlelendirýän milli serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Sergi üç bölümden ybarat bolup, olaryň birinjisi ýüň halylara we halyçylyga, ikinjisi ýüpek halylara, üçünjisi bolsa keteni — milli keşdeçilik we matalar bölümine bagyşlandy. Sergide arassa ýüňden, ýüpekden dokalan halylaryň nusgawy görnüşleri, tebigatyň özboluşly gözelligi şekillendirilen surat eserleri görkezildi. Olaryň ählisi reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy, gaýtalanmajak nepisligi, döredijilik çemeleşmeleri bilen tapawutlanýar. Bu ýerde haly-palas dokamagyň köp dürli görnüşleri, kilimler, sowgatlyk önümleriň uly toplumy, göze gelüwli torbalar, ketenä salnan milli nagyşlaryň we amaly-haşam sungatynyň özboluşly nusgalary bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir