Transfermarkt internet portaly öz telegram-kanalynda aralyk täzelenmäniň jemi boýunça Fransiýanyň Liga 1-niň iň gymmat oýunçylarynyň reýtingini ýerleşdirdi. Sanawdaky ilkinji 10 oýunçynyň 9-ysy “PSŽ-de” oýnaýar diýip, championat.com belleýär. Şeýlelikde, reýtingde birinji orny Pariž klubunyň hüjümçisi Kilian Mbappe eýeledi. Onuň ikinji orny eýeleýän “PSŽ-niň” başga bir oýunçysy Randal Kolo Muaniden aratapawudy 100 mln ýewro barabar. Fransiýanyň Liga 1-niň iň gymmat oýunçylarynyň ilkinji onlugy: Kilian Mbappe (“PSŽ”, 180 mln ýewro); Randal Kolo Muani (“PSŽ”, 80 mln ýewro); Nunu Mendeş (“PSŽ”, 65 mln ýewro); Aşraf Hakimi (“PSŽ”, 65 mln ýewro); Markinýos (“PSŽ”, 65 mln ýewro); Jonatan Dewid (“Lill”, 60 mln ýewro); Usman Dembele (“PSŽ”, 60 mln ýewro); Manuel Ugarte (“PSŽ”, 55 mln ýewro); Uorren Zair-Emeri (“PSŽ”, 50 mln ýewro); Gonsalu Ramuş (“PSŽ”, 50 mln ýewro).

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir