Windows Central neşiriniň çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, Windows 11 operasion sistemasy 400 milliondan gowrak işjeň enjamda gurnaldy. Bu tas ýarym milliard adamyň operasion sistemadan hemişelik esasda peýdalanýandygyny aňladýar. Bu netijä ýetmek üçin sistema 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda çykanyndan bäri, takmynan, iki ýyl gerek boldy diýip, championat.com belleýär. Windows Central neşiri Windows 11-iň meşhurlygynyň ösüş depgininiň Windows 10-a garanda birneme pesdigini belleýär, şeýle-de bolsa Microsoft bu operasion sistemanyň görkezijilerinden hoşal. Operasion sistema kompaniýa üçin üç sany möhüm maksada ýetmegi başardy, ýöne bu maksatlaryň nähilidigi belli däl. Korporasiýa 2024-nji ýylyň başynda Windows 11 operasion sistemasyny 500-e golaý adamyň ulanmagyna garaşýar. Deňeşdirmek üçin: Windows 10 2020-nji ýylda 1 mlrd işjeň gurluş görkezijisine ýetdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir