Kuna taýpasynyň adamlary deňziň suwunyň derejesiniň ýokarlanmagy bilen baglylykda ýaşaýan ýerlerinden göçürilýän ilkinji adamlar bolar. Olaryň Karib deňzindäki ýaşaýan Karti Sugtupu adasy häzir deňiz derejesinden bary-ýogy ýarym metr belentlikde ýerleşýär. Ýylsaýyn bolsa, suw olaryň öýlerine golaýlaýar diýip, «MIR 24» habar berýär. Häzir adada göçmek islemeýän iki müň töweregi adam galdy. Emma olar barybir adany terk etmeli bolarlar. Olary göçmegine Panamanyň hökümeti we halkara guramalary ýardam berýär.