Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe we ýurduň doganlyk halkyna Azerbaýjanyň Garaşsyzlygynyň dikeldilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi diýlip, "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär. Siziň baştutanlygyňyzda Azerbaýjan Respublikasy jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady we durmuş ulgamlarynda ýokary üstünlikleri gazandy. Dürli ugurlar boýunça ýola goýlan özara bähbitli türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini bellemek isleýärin. Biziň gatnaşyklarymyzyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn - diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri azerbaýjan Liderine iberen gutlag hatynda belleýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Ilham Aliýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli wezipesinde üstünlikleri, Azerbaýjan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik, mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir