«Study U» bilim-maslahat beriş agentligi türkmenistanlylara Türkiýe Respublikasynda hünär bilimini almaga ýardam etmäge taýýardyr. Agentlik Türkiýede rus dilli talyplar jemgyýeti tarapyndan döredildi we daşary ýurt raýatlaryny bu ýurduň dürli bilim edaralaryna kabul etmek prosesini guramakda tejribä eýedir. Dalaşgärlere okuw maksatnamasyny saýlamakdan başlap, täze ýere uýgunlaşmaga we zerur resminamalary taýýarlamaga çenli ähli tapgyrlarda rus we iňlis dillerinde goldaw berilýär. «Study U» agentliginiň işgärleri Türkiýede okamagyň häzirki zaman Ýewropa standartlaryna gabat gelýän we elýeterli bahadan bilim almak üçin uly mümkinçilikler açýandygyna ynanýarlar. Agentligiň şygary – «Türkiýede okamak – wakalaryň merkezinde, Gündogar bilen Günbataryň, hakykat bilen täzeçilligiň, sungat bilen ylmyň çatrygynda bolmak diýmekdir».

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir