«Ak Ýol» kärhanasy — alkogolsyz, sowuk we witamin bilen baýlaşdyrylan içgileri öndürýän iri öndürijileriň biri bolmak bilen, onuň önümlerine Türkmenistanyň sarp edijileri tarapyndan, şeýle hem daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýär. 2006-njy ýylda esaslandyrylan «Ak Ýol» täze önüm görnüşlerini yzygiderli işläp taýýarlap, içgileriniň hilini we tagamyny ýokarlandyryp işini netijeli kämilleşdirýär. Häzirki wagtda «Ak Ýoluň» assortimentinde çüýşeli suwy we biologiki taýdan işjeň maddalar bilen baýlaşdyrylan mineral suwuny hasaplamazdan, 50 dürli içgi bar. Olaryň önümçiliginiň esasyny bolsa Ýanbaş çeşmesinden alynýan tebigy agyz suwy düzýär. Iki sany önümçilik zawodynyň ýokary tehnologiýalara eýe bolan enjamlar, şol sanda dünýä belli «Krones» nemes kompaniýasynyň önümçilik liniýalary bilen enjamlaşdyrylmagy sagatda 24 000 içgini öndürmäge we öndürijiligi yzygiderli alyp barmaga mümkinçilik berýär. Önümleri öndürmegiň guýmadan, bellik etmekden başlap, gaplama we ibermäge taýýarlyga çenli ähli tapgyrlary awtomatlaşdyrylandyr. «Ak Ýoluň» önümleri iň ýokary halkara hil standartlaryna laýyk gelýär. Bu bolsa kärhananyň halkara ülňülerine laýyklykda sertifikatlaşdyrylmagy bilen tassyklanan. Şeýlelikde, kärhananyň hil dolandyryş ulgamy ISO 9001: 2015 standartynyň talaplaryna laýyk gelýär. Onuň azyk howpsuzlygyny dolandyrmak ulgamy hem öz gezeginde ISO 22000:2018 we HACCP ülňülerine laýyk gelýär. «Ak Ýol» kärhanasynyň önümleri eksporta iberilýär. Kärhananyň maksady önümleriniň diňe bir türkmen bazarynda däl, eýsem dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyny depginli saklamakdan ybarat. Häzirki wagtda kärhana önümlerini goňşy ýurtlaryň bazarlaryna üstünlikli çykarmak bilen, eksport söwdasynyň geografiýasyny işjeň giňeldýär. Lomaý alyjylar we sargyt edijiler üçin «Ak Ýol» kärhanasynyň salgysy: 744010, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Garagum köçesi, 10-njy jaý.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir