Russiýanyň Kaliningrad oblastynda äpet kädini bölekläp, öýsüz haýwanlara kömek etmek üçin serişde toplamak maksady bilen satdylar diýip, «Interfaks» habarlar gullugy habar berdi. Agramy 486 kilogram bolan kädini Otkosowo obasynyň ýaşaýjysy Aksana Sokolowa ýetişdirdi. «Körpe» diýlip at berlen mähnet kädi «Kädi Batl 2023 Online» bütinrussiýa bäsleşiginde ýeňiji boldy. Kädiniň böleklerini isleg bildirenler az-owlak pul töläp satyn aldylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir