Surat: TDH Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün irden Pekin şäherinde «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Günüň ikinji ýarymynda bolsa forumyň çäginde özara baglanyşyk boýunça ýokary derejeli maslahat öz işine başlady. Maslahatda Gahryman Arkadag hem çykyş etdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berildi. Hytaýyň Milli maslahatlar merkezinde HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň alyp barmagynda geçirilýän maslahatda käbir wekiliýet Baştutanlarynyň çykyşlary göz öňünde tutuldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri özara baglanyşyk boýunça forumda ilkinji bolup çykyş edip, bu çäräniň geçirilmeginiň örän möhüm we talap edilýän waka hasaplanýandygyny aýtdy. Habarda bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow soňky döwrüň pandemiýa, durnuksyzlygyň ýokarlanmagy, ynamyň pese gaçmagy, wakalaryň öňünden habar berilmezligi ýaly hakykatlarynyň ählumumy ykdysady işjeňlige ýaramaz täsirini ýetirendigini, özara baglanyşyk bilen dahylly meseleleri döredendigini, durnukly ösüş ulgamynda meýilnamalaryňdyr maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň netijeliligini peseldendigini belledi. Bu ýaramaz täsirleri ýeňip geçmek üçin döwletleriň we halkara institutlaryň tagallarynyň birleşdirilmegi, ak ýürekli erke, jogapkärçilige, öňdengörüjilige esaslanýan döredijilikli we netijeli gün tertibini kesgitlemekde olaryň raýdaşlygy zerurdyr. «Şu nukdaýnazardan, türkmen tarapynyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasy öz mazmuny boýunça Türkmenistanyň Ýewraziýanyň geoykdysady landşaftynyň geljegi babatdaky garaýyşlaryna jogap berýär, şeýle-de ol Hytaýyň deňhukuklylygyň, hyzmatdaşlaryň gyzyklanmalaryny hasaba almagyň, özara bähbitliligiň, medeniýetleriňdir ruhy gymmatlyklaryň köpdürlüligini hormatlamagyň esasy ýörelgeler bolup çykyş edýän «Bir guşak, bir ýol» strategiýasyna laýyk gelýär» diýmek bilen, hormatly Arkadag şunda hyzmatdaşlygyň syýasylaşdyrylmazlygynyň, diwersifikasiýalaşdyrylmagy hem-de halkara derejede giňden gatnaşylmagy üçin energetika we ulag akymlarynyň birtaraplylygyndan daşlaşmagyň türkmen tarapynyň çemeleşmesinde möhüm düzüm bölekleri bolup durýandygyna ünsi çekdi diýlip, habarda aýdylýar. Şular barada aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri energetika, ulag, ekologiýa ýaly wajyp ugurlarda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlar bilen alyp barýan işleridir taslamalary barada durup geçdi. Şunda ykdysadyýetde özara baglanyşyk, tehnologiýalaryň, tejribelerdir başarnyklaryň, usullaryň halkara derejede alşylmagy hem dünýä ösüşiniň obýektiw meýilleri hökmünde görkezildi. Nygtalyşy ýaly, olar önümçilikde has ýakyn kooperasiýany, integrirlenen tehnologik we sanly gurluşlary, bilelikdäki aragatnaşyk ulgamlaryny öz içine alýar. Şeýle-de Gahryman Arkadag «syýasy logistika» düşünjesiniň zerurdygyna ünsi çekdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir