Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 18-nji oktýabrda Pekinde «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatynyň çäklerinde geçirilen Özara baglanyşyk boýunça ýokary derejeli maslahatda eden çykyşynda Türkmenistanyň gatnaşýan ulag-aragatnaşyk taslamalary barada belläp geçdi. TDH-nyň habar berşi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki wagtda Türkmenistanyň hyzmatdaşlary bilen bilelikde Gündogar-Günbatar we Demirgazyk - Günorta ugurlary boýunça utgaşykly görnüşdäki ulag we logistika düzüminiň köpşahaly ulgamyny döredýändigini aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň aýtmagyna görä, geljekde bu ulgam Hazar deňzi, Gara deňiz, Baltika deňzi sebitlerine çykýan üstaşyr geçelgeleri özüne birleşdirer. Munuň özi Türkmenistanda ulag we kommunikasiýa ulgamlarynda iri milli taslamalary durmuşa geçirmek, Hazar deňzinde täze port infrastrukturasyny döretmek bilen baglylykda örän derwaýysdyr - diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady. Gurbanguly Berdimuhamedow gürrüňiň Hytaýdan Merkezi Aziýanyň çäginiň üsti bilen Hazaryň türkmen kenaryna, şeýle hem Eýrana, Ýakyn we Orta Gündogara ulag geçelgeleri barada barýandygyny belledi. Gahryman Arkadagyň bellemegine görä, bu geçelge Aziýa-Ýuwaş umman sebitine, Merkezi Aziýa ýurtlaryna barýan ugurlarda hem ulanylyp bilner. Biziň tagallalarymyz ulaglaryň ähli görnüşleri, şol sanda demir we awtomobil ýollary, howa gatnawlary arkaly transkontinental daşamalaryň kuwwatyny doly açmaga, baglanyşdyryjy nokatlarda logistiki terminallary döretmäge gönükdirilendir. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty hem şolaryň biri bolup biler. Biz hyzmatdaşlaryň bähbitlerine ulanmak üçin onuň kuwwatlyklaryny hödürlemäge taýýardyrys - diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Pekin forumynyň barşynda aýtdy.