Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 18-nji oktýabrda Pekinde «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatynyň çäklerindäki Özara baglanyşyk boýunça ýokary derejeli maslahatda eden çykyşynda syýasy logistikanyň wajyplygy barada aýtdy diýip, TDH habar berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ykdysadyýetde özara arabaglanyşygyň, tehnologiýalary, tejribäni we usullary halkara derejede alyşmagyň dünýä ösüşiniň obýektiw ýagdaýlary bolup durýandygyny nygtady. Gahryman Arkadagyň aýdyşy ýaly, olar önümçilikde has ysnyşykly kooperasiýany, ýakynlaşmak babatdaky tehnologik we sanly binýatlaryň, bilelikdäki kommunikasiýa ulgamlarynyň döredilmegini göz öňünde tutýar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň bellemegine görä, bularyň ählisi diňe bir tehniki babatda däl, eýsem, ählumumy möçberde hyzmatdaşlygyň bitewi we durnukly logistikasyny döretmäge ýardam etmelidir. Biziň pikirimizçe, häzirki wagtda syýasy logistika düşünjesi örän wajypdyr. Ony ykdysady ösüşiň we hyzmatdaşlygyň geljegi baradaky garaýyşlaryny we mümkinçiliklerini paýlaşýan döwletleriň özara gatnaşyklarynyň köpugurly ulgamy hökmünde görýärin - diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir